Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň hökümeti “WikiLeaks”-iň işine ýene nägilelik bildirýär


Birlesen Ştatlaryň Adalat ministrligi “WikiLeaks” internet saýtynda ABŞ-nyň syrly dokumentleriniň çap edilmeginiň öňüni almaga synanyşýar. Bu barada düýn ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden CNN telekanalyna beren interwýusynda aýtdy. Emma, ol amala aşyrylýan çäreler barada jikme-jik gürrüň bermedi.

J.Baýdeniň bellemegine görä, “WikiLeaks”-iň diplomatiki hatlary çap etmegi uly ziýan ýetirýär we dünýäniň dürli künjegindäki adamlaryň karýerasyna hem janyna howp salýar.

Wise-prezident Jo Baýden “WikiLeaks”-i esaslandyryjy Julian Assanjyň edýän işlerini “ösen tehnologiýa pudagyndaky terrorizm” diýip atlandyryp boljakdygyny aýtdy.

Geçen hepde Londondaky suduň karary boýunça Julian Assanj girew bilen tussaglykdan boşadylypdy. Şwesiýanyň häkimiýetleri J.Assanjyň özlerine berilmegini gazanmaga çalyşýarlar. Ol bu ýurtda jynsy zorlykda aýyplanýar. J.Assanj bu günäni özüni abraýdan düşürmek ugrunda alnyp barylýan kompaniýanyň bir bölegi hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG