Sepleriň elýeterliligi

Ýyla syn: Obama aýgytly çatrykda


Amerikan prezidenti Barak Obama özüniň dört ýyllyk möhletiniň 3-nji ýylyna aýak basyp barýarka, päsgelçilikler köpelýär.

Amerikan prezidenti Barak Obama özüniň dört ýyllyk möhletiniň 3-nji ýylyna aýak basyp barýarka, päsgelçilikler köpelýär.

Prezident Barak Obamanyň häzir ýüzbe-ýüz bolan göreşi onuň öz syýasy durmuşynda gabat gelen iň güýçli göreşi hasaplanýar.

Amerikan prezidenti özüniň dört ýyllyk möhletiniň 3-nji ýylyna aýak basyp barýarka, päsgelçilikler köpelýär. Hökümet tarapyndan edilen aşa ýokary çykdajylara garamazdan, işsizlik ýurduň başyndan sowlup gidenok. Ýaňy noýabr aýynda geçen aralyk saýlawlarda uçralan taryhy şowsuzlyk hem oppozision Respublikanlary güýçlendirip, Demokratlaryň öz hatarynda nägilelik döretdi.

Muňa garamazdan, Obama bu oýunda utuldy diýerden entek ir. Prezidentlik wezipesi oňa ökdelik bilen ulanmaga köp artykmaçlyklary berýär. Käbir analizçileriň pikiriçe, Obama bu göreşe girse, onuň häzirki ýagdaýy tersine öwrüp, 2012-nji ýylda gaýtadan prezident saýlanmak mümkinçiligi ýok däl. Bu analizçiler: “Ozal Bill Klinton atly Demokratik prezidentiň 1994-nji ýylda öz birinji möhletiniň ortasynda şular ýaly ýeňlişden soň edeni şundan başga zat däl” diýýärler.

William Galston şol mahallar Klintonyň içerki syýasat boýunça ýokary derejeli geňeşçisi bolup işlän adam. Onuň pikiriçe, Obamanyň häzirki ýagdaýy kyn ýagdaý bolup görünse-de, oňa käbir strategik amatlyklary hödürleýär.

“Ol oppozisiýa dostluk elini uzatmaly. Onsoň geljekde, meger, şu iki zadyň biri bolar. Olar muny kabul etmedik ýagdaýynda amerikan halky kimiň ýurdy agzybirlige getirmek islýänini, kimiň hem islemeýänini görer. Kabul etseler-de, adamlar onuň ýolbaşçylyk işine ýokary baha bererler. Olaryň isleýäni şular ýaly ýolbaşçy. Obamanyň bu işde ýitirjek zady ýok” diýip, Galston aýdýar.

Möhüm zat...

Obama bu işe başlamadykdan däl. Ol dekabr aýynyň başynda Respublikanlar bilen bir ylalaşyga gelendigini bildirdi. Bu ylalaşyk boýunça öňki prezident Buşuň döwründe girizilen salgyt ýeňillikleri ýatyrylman, dowam edýär. Iş orunlaryny ýitirenlere hem döwlet tarapyndan berilýän kömekler artdyrylýar. Bu ylalaşyk Obamanyň öz partiýasyna degişli köp adamlary gaharlandyrsa-da, prezidenti syýasy çaknyşykdan ýokarda durýan bir ýolbaşça öwürdi. Bu ylalaşygy halka düşündireninde, onuň nygtany hem edil şol.

“Uzaga çekip, geljek ýylda dowam etjek bir syýasy göreşiň gowy syýasat bolmagy mümkin. Ýöne bu ykdysadyýet, şeýle hem amerikan halky üçin bir ýaramaz iş bolar. Prezident hökmünde meniň jogapkärçiligim: amerikan halkynyň bähbidine çapmak. Wezipedekäm meniň ýerine ýetirmek isleýänim şu jogapkärçilik” diýip, Obama aýtdy.

Žurnalist Ewan Tomas: “Obama ýurduň býujet defisitiniň öňüni almak üçin berk çäreleri teklip etmeli” diýýär.

Amerikan syýasaty boýunça ekspert William Mannyň pikiriçe bolsa, býujet problemasy ol diýen möhüm däl. Prezidentiň üns bermeli zady ykdysadyýet: “Esasy zat barha artýan baýlar bilen garyplaryň arasyndaky tapawudyň öňüni aljak ykdysady strategiýa”.

“Möhüm zat defisit däl. Çyndan öňaýly, ykdysady ösüşe ýol açyp, jemgyýetimiziň dürli gatlaklaryna peýdaly zat bolmaly. Bu köp wagtdan bäri bolanok. Ol käbir çykyşlarynda muny ozalam aýtman durmandy. Ýöne beren netijesi ýok. Munuň bir sebäbi halkyň başdan geçirilen ykdysady problemalardan gözüniň gorkanlygy” diýip, Mann belleýär.
XS
SM
MD
LG