Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanyň ýylanmagy mümkin


Orsýetiň nebit-gaz läheňi “Gazprom” kompaniýasynyň şahamçasy “Zarubežneftegaz” şirketi 7-nji dekabrda Sarygamyş gaz ýatagynda burawlaýyş işlerine başlady.

Orsýetiň nebit-gaz läheňi “Gazprom” kompaniýasynyň şahamçasy “Zarubežneftegaz” şirketi 7-nji dekabrda Sarygamyş gaz ýatagynda burawlaýyş işlerine başlady.

Täjigistanda tebigy gaz ýatagynyň özleşdirilmegine başlanmagy netijesinde ýurduň energiýa baglylyk taryhynda düýpgöter özgerişleriň bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa öz gezeginde Täjigistana has aýdyň we has ynamly geljege umyt döredýär.

Orsýetiň nebit-gaz läheňi “Gazprom” kompaniýasynyň şahamçasy “Zarubežneftegaz” şirketi 7-nji dekabrda Sarygamyş gaz ýatagynda burawlaýyş işlerine başlady. Munuň bilen baglylykda “Gazprom” şirketiniň başlygy Alekseý Miller bu dabaraly gün mynasybetli, Täjigistana bardy.

"Biz Täjigistan Respublikasy üçin öz gaz çeşmesiniň bolmagynyň näderejede möhümdigini juda gowy bilýäris. Şeýle-de Sarygamyş ýatagynyň potensialy barada gürrüň edilende, geçirilen seýsmiki barlaglaryň netijelerine laýyklykda, bu ýerde 60 milliard töweregi kubometr gazyň bardygyny aýdyp bileris” diýip, Alekseý Miller çykyş etdi.

Özbegistana garaşly

Täjigistan köpden bäri Özbegistanyň tebigy gazynyň importyna garaşly bolup gelýärdi. Indi Sarygamyş ýatagynyň açylmagy bilen Duşanbäniň Daşkent bilen özara gatnaşyklarynyň hemişelik üýtgemegi mümkin. Bu çaka Täjigistanyň energiýa pudagynyň Özbegistana bagly bolmagy Duşenbäniň daşarky syýasy arenada-da pozisiýasynyň gowşak bolmagyna getiripdi.

Täjik hökümetiniň syýasy kararlaryna özüniň nägileligini bildirmek üçin Özbegistan özüniň gaz resurslaryny dowamly ulanyp gelipdi. Täjigistandan akdyrylan gazyň bergilerini tölemegi talap edip, Özbegistan gazyň akdyrylşyny azaldyp, kä halatlarda-da doly togtadyp gelýär.

Täjigistanyň prezidenti Imomoli Rahmon (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow
Şeýle hereketler oňaýsyz ýagdaýlarda hem döräp bilýärdi. Mysal üçin, 2008-09-njy ýyllarda Merkezi Aziýa sebtinde soňky 40 ýylda görülmedik sowuk bolanda, Özbegistan gazyň akdyrylyşyny peseldipdi. Onsoň Duşenbedäki keselhanalarda birnäçe sagatlap elektrik kesildi, şeýle-de sowuk sebäpli ençeme ýaňy doglan bäbekler öldi.

Dünýä bazarynda “mawy ýangyjyň” bahalarynyň galmagy bilen Özbegistan hem soňky alty ýylyň dowamynda özüniň akdyrýan gazynyň bahasyny dört esse çemesi galdyrdy. Bu sebäpli, Täjigistan Özbegistandan satyn alýan gazynynyň möçberini azaltmaly boldy. 2009-njy ýylda Täjigistan Özbegistandan 216 million kubometr gaz aldy, bu 2008-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 57 prosent azdyr.

Täjigistan Özbegistana bolan energiýa baglylygyny aradan aýyrmak üçin gidroelektro stanisiýalary gurmak kampaniýasyna hem başlady. Orsýetiň kömegi bilen gurlan Sangtuda-1 stansiýasynyň işe girizilmegi Täjigistanyň energiýa kynçylyklaryny ýeňilleşdirdi.

Ýakynda geljekde...

“Gazprom” kärhanasynyň başlygy Alekseý Milleriň aýtmagyna görä, eýýäm 2011-nji ýylyň ahyryndan başlap, Täjigistan özbek gazyna bolan baglylygyndan halas bolup biler. Ol Täjigistan 2011-2013-nji ýyllaryň aralygyndan beýläk her ýylda iki milliard kubometr gazy çykaryp başlar diýýär. Deňeşdirme hökmünde 2010-njy ýylda Täjigistanyň ýyllyk gaz ulanyşynyň 2,6 milliard bolandygyny ýatlasa bolar.

Eger-de Täjigistan özüniň gidroelektro stansiýalarynynyň gurluşygyny tamamlasa, bu Täjigistany energiýa satyn alyjydan energiýa satyja öwürmek ähtimallygy hem bar. Täjigistanyň resmileri Sarygamyş gaz ýatagyna uly ynam bilen garaýarlar. Bu barada Täjigistanyň energiýa we senagat ministri Emomali Aslow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Häzirki tapgyrda bu diňe çaklamalardan ybarat. Biz burawlaýyş işlerini geçirmeli, haçan-da nebitiň we gazyň alamalatlaryny tapanymyzda, biz tebigy gazyň senagat önümçiligi we çykarylmagy barada gürrüň edip bileris” diýip, Emomali Aslow aýtdy.

“Gazpormyň” başlygy Alekseý Miller Sarygamyş ýatagy meselesinde juda ynamly görünýär. Ol Sarygamyş ýatagynyň Täjigistanda özleşdiriljek birnäçe energiýa ýataklarynyň diňe biridigini malim etdi.
XS
SM
MD
LG