Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly sportçy pyçak zyňmakda dünýä çempiony boldy


Orsýetiň Kaluga oblastynda nyşana pyçak zyňmak boýunça geçirlen dünýä ýaryşynda türkmenistanly sportçy Jawad Açilow 7 metr aralykda çempion bolmagy başardy.

36 ýaşly Jawad Açilow pyçagy 7 metr aralykdan zyňmak boýunça bäsleşikde on çemeleşmede jemi 460 ball aldy. Jawadyň bu görkezijisi bu ugurda dünýäniň dokuz gezek çempiony Mihail Sedyşewiň görkezijisinden 65 ball ýokarydyr.

Emma, 9 metr aralykdan pyçak zyňmak boýunça ýaryşda Jawad Açilow ikinji ýeri eýeledi.

Umumy ballaryň netijelerine görä, türkmenistanly sportçy Jawad Açilow özüniň 1085 bally bilen bu ugurda Aziýanyň rekordyny täzeledi. Öňki rekord hem şu ýylyň ýazynda Jawad tarapyndan goýlupdy.
XS
SM
MD
LG