Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MTS-iň aýyplamalaryny Türkmenistanyň DIM-i ret edýär


Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar serişdeleri üçin press-reliz ýaýratdy. Onda soňky döwürde Orsýetiň köpçülikleýin habar serişdelerinde MTS mobil operatorynyň Türkmenistandaky işleriniň togtadylandygy bilen bagly esassyz maglumatlaryň peýda bolandygy aýdylýar.

Press-relizde bu soňky maglumatlaryň hakykata laýyk gelmeýändigi we MTS-iň türkmen tarapy bilen gatnaşyklarynyň mazmunyny ýoýýandygy bellenipdir. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi MTS-iň işleriniň togtadylmagynyň onuň 5 ýyllyk ylalaşygynyň möhletiniň tamamlanmagy bilen baglydygyny öňe sürýär.

Bu resmi dokumende türkmen tarapynyň MTS bilen bagly ähli hukuk şertlerini ýerine ýetirendigi aýdylýar we MTS-iň Türkmenistandaky işleriniň bes edilmegi baradaky kararyň kanunalaýyk we ýuridiki esaslydygy bellenýär.

21-nji dekabrda Orsýetiň MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky işleri togtadylypdy. Düýn MTS kompaniýasy bu iş bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini Halkara arbitraž suduna berendigini mälim edip, resmi beýanat ýaýratdy. Düýn MTS kompaniýasy bu mesele boýunça Moskwada metbugat konferensiýasyny hem geçirdi.
XS
SM
MD
LG