Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň parlamentiniň başlygynyň orunbasarlary saýlandy


Şu gün Gyrgyzystanyň parlamentiniň başlygynyň bäş sany orunbasary saýlandy.

Habar agentlikleriniň maglumatyna görä, şol saýlananlaryň üçüsi koalisiýa hökümetiniň wekilleri. Olar, hususan-da, “Ata-Žurt” partiýasynyň wekili Myktybek Abdyldaeýew, “Respublika” partiýasynyň wekili Bakyt Torobaýew we “Sosial Demokratik” partiýasynyň wekili Asylbek Jeýenbekow.

Parlamentiň başlygynyň beýleki iki orunbasarlygyna oppozision partiýalar bolan “Ata-Meken” partiýasynyň wekili Asiýa Sasykbaýewa we “Ar-Namys” partiýasynyň wekili Bodoş Mamyrowa.

Gyrgyzystanda oktýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlarynda parlamente girmegi başaran bäş partiýanyň üçüsi: “Sosial Demokratik”, “Ata-Žurt” we “Respublika” partiýalary 16-njy dekabrda hökümet koalisiýasyny düzdüler.

“Ata-Žurt” partiýasynyň başlygy, 44 ýaşyndaky Akmatbek Keldibekow parlamentiň başlygy wezipesine saýlandy. “Sosial Demokratik” partiýanyň ýolbaşçysy Almazbek Atambaew bolsa ýurduň premýer-ministri boldy.
XS
SM
MD
LG