Sepleriň elýeterliligi

Içalyçylykda aýyplanýan raýaty Eýran ölüm jezasyna höküm etdi


Düýn Tähranyň prokurory Abbas Jafari Döwletabad Eýranyň metbugatyna beren interwýusynda Ysraýylyň içalysy bolanlykda aýplanyp tussag edilen eýranly raýatyň düýn Eýranyň sakçylar sudy tarapyndan ölüm jezasyna höküm edilenligini mälim etdi.

Abbas Jafari Döwletabady bu kararyň Eýranyň Ýokary sudy tarapyndan hem tassyklanan halatynda, bu gürrüňi edilýän raýatyň şahsyýeti barada jikme-jik maglumatyň ýaýradyljakdygyny aýtdy.

Eýranyň habar beriş serişdeleri oktýabr aýynda Tähranyň prokurory Aabbas Jafari Döwletabadynyň sözlerine salgylanyp çap eden ozalky maglumatlarynda eýranly iki raýatyň Ysraýylyň bähbidine içalyçylyk edenlikde aýyplanyp tussag edilenligini habar beripdiler.
XS
SM
MD
LG