Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz prezidenti bilen söhbet


Geçen ýylyň aprel aýynda Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew häkimiýetden çetleşdirilende, häkimiýet başyna gelen oppozision lider Roza Otunbaýewa özüni arassa syýasy abraýy bilen tanatdy.


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň onuň bilen geçiren ýörite söhbetdeşliginde Roza Otunbaýewa häzir ýurduň täze syýasy ýagdaýlar we şertler bilen öwrenişýänligini gürrüň berdi. Söhbetdeşligi Burulkan Sarygulowa geçirdi.


Azatlyk Radiosy: 2007-nji ýylyň 7-nji aprel wakalaryny nädip häsiýetlendirip bolar? Ony rewolýusiýa diýip atlandyryp bolarmy we ol hereket öz maksatlaryna ýetdimi?

Roza Otunbaýewa: 2005-nji ýylda öňki prezident Askar Akaýew häkimiýet başyndan çetleşdirilende, biz, dogrudanam, rewolýusiýany amala aşyrýarys diýip, pikir edipdik. Biz şonda güýçli hyjuw bilen korrupsiýa garşy çykyş etdik. Gynansak-da, şol rewolýusiýanyň netijeleri gaýyp boldy. Bakyýew hatda ondan nam-nyşan hem galdyrmady. Öňki prezident Kurmanbek Bakyýew ony özüniň we öz maşgalasynyň şahsy häkimiýeti üçin ulandy. 7-nji aprel wakalaryna gezek gelende, rewolýusiýa sözi örän ýörgünli boldy. Häzir biziň aprel wakalarynyň yz ýanyndan ýüze çykan meseleleri çözmek ýolundan barýanlygymyzy belläsim gelýär. Biz jemgyýetimizi arassalaýarys we demokratiýa ýoluna düşüp gelýäris.

Azatlyk Radiosy: Özleriniň rewolýusion güýçlere degişlidigini aýdyp, parlament demokratiýasynyň tarapynda çykyş edýänlere 10-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanmak miýesser etmänligine näme sebäp boldy?

Roza Otunbaýewa: Syýasy ambisiýalar bilen hakykatyň arasyndaky ara tapawuda şaýat bolýarys. Rewolýusiýanyň dowamynda bütewi bolan topar saýlawlar döwründe dagynyk hereket etdi. Olar birleşen güýç bolmansoň, saýlawlardaky herektlerini hem gowy guramagy başarmadylar. Olar öz garşydaşlaryny ejiz we bäsdeş bolmaga ukypsyz hasaplap, adamlaryň öz taraplarynda boljakdygyna bil bagladylar we şeýle pikirleriň täsiri astynda hereket etdiler.

Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystan näme üçin öňki prezident Bakyýewiň jenaýatçylykda aýyplanýan, emma gaçyp gutulan garyndaşlaryny tussag etmek üçin çäre görmedi?


Roza Otunbaýewa: Hakykaty aýtmak gerek, biz kanunylyk ýagdaýyna kem-kemden geçdik. Goňşy döwletler bizi ýokary derejeli halkara duşuşyklara çagyrmandy. 27-nji iýunda referendum geçirilensoň, men Gyrgyzystanyň ýeke-täk we kanuny resmisi hökmünde ýokary derejeli duşuşyklara gatnaşmak mümkinçiligine eýe boldum. Emma mundan soň hem goňşy döwletler we biziň partnýorlarymyz kanuny parlamentiň we hökümetiň düzülmegine garaşdylar. Olar esasy ünsi parlament, täze hökümet we durnuklylyk meselelerine berdiler we hut şu sebäpden bize hiç kim Bakyýewiň iki garyndaşyny we öňki ýokary derejeli beýleki resmileri saklamaga we ekstradisiýa etmäge ýardam bermedi.

Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystanyň käbir kanuny goraýjy wekilleri iýun aýyndaky entiki gapma-garşylyklaryň bolmagynyň ähtimaldygyndan öňünden habarly bolanlygyny aýtdylar. Nämüçin siziň hökümetiňiz wagtynda bu wakalaryň öňüni almady?

Roza Otunbaýewa: Iýun wakalarynyň ilkinji we esasy sebäbi ýerli jenaýatçylykly toparlaryň aýaga galmagy bilen bagly boldy. Bakyýewiň hökümetiniň iş başyndan çetleşdirilmegi, täze hökümetiň bolsa iş başyna gelip ýetişmezligi netijesinde häkimiýet boşlugy emele geldi. Ýurduň günortasynda Bakyýewiň maşgala agzalary, onuň ýakyn töweregi, dostlary hem onuň gaýtadan häkimiýete dolanyp gelmegini isleýän adamlar ýerleşýär. Jenýatçylykly toparlar Bakyýewiň maşgalasyny we onuň bähbitlerini goldamak boýunça uly tagalla etdiler. Polisiýanyň we howpsuzlyk güýçleriniň hatarynda öňki režimi goldaýan adamlar işlänsoň, biz wagtynda jenaýatçylygyň öňüni alyp bilmedik.


Azatlyk Radiosy: Siz şu ýylyň sentýabr aýynda New Yorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçýän döwründe ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen duşuşdyňyz. Siz şonda ABŞ-nyň Gyrgyzystan bilen ýangyç barada baglaşan şertnamalarynyň Bakyýewleriň maşgalasyny baýlaşdyranlygy barada ýaýran pikirleri maslahat etdiňizmi?

Roza Otunbaýewa: Men prezident Obama “Manas” aeroportundaky amerikan tranzit merkeziniň ýangyç resurslarynyň problemasy barada gürrüň berdim. Ol bu meseläniň öwrenilmelidigi bilen ylalaşdy. Men oňa merkezi awiaýangyç bilen üpjün eden “Mina corporation” kompaniýasynyň käbir gümürtik işlere baş goşanlygy we onuň Bakyýewiň maşgalasy bilen gatnaşygynyň bolup-bolmanlygynyň häzir barlanýanlygyny aýtdym. Ähli korrumpirlenen hereketleri bes etmegiň zerurlygyna ünsi çekdim. Biz döwlet tarapyndan dolandyrylýan kompaniýany esaslandyrmaga çalyşýarys, bu kompaniýa amerikan merkezini awiaýangyç bilen üpjün ederdi we döwlet býujetimize pul getirerdi. Jenap Obama munuň bilen ylalaşdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG