Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystanda köçeýaka partlama sebäpli azyndan 14 adam öldi


NATO-nyň we owgan resmileriniň berýän maglumatlaryna görä, düýn Owganystanda dörän köçeýaka partlama sebäpli azyndan 14 adam ölüpdir.

Bu waka Talyban söweşijileriniň aglaba böleginiň ýerleşýän we ýurduň iň howply ýeri bolan Helmand welaýatynyň Nahr-e-Saraj etrabynda ýüz beripdir.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bu partlamany gurnaýjylary ýazgaryp, olary “wagşy we rehimsiz terrorçylar” diýip atlandyrdy.

Talyban söweşijileri köçeýaka partlamalaryny ýerli we halkara howpsuzlyk güýçlerine garşy ýygy-ýygydan ulanýarlar.
XS
SM
MD
LG