Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Tu-154 B» uçarlary Orsýetde häzirlikçe uçurylmaz


Düýn Orsýetiň «Ros-trans-nadzor» döwlet transport gözegçilik agentligi ýurduň Surgut şäherinde «Tu-154 B» kysymly ýolagçy uçarynda dörän ýangynyň sebäpleri doly anyklanylýança, bu görnüşdäki uçarlaryň ulanylmagyny togtatmaklyga görkezme berdi.

Orsýetiň «Tu-154 B» kysymly ýolagçy uçarlary 1970-nji ýyllardan bäri ulanylyp gelinýän «Tu-154» kysymly uçarlaryň bir görnüşidir. Ýöne edil häzirki wagt şu görnüşdäki uçarlardan näçesiniň ulanyşdadygy barada anyk maglumat alynmady.

Hepdäniň şenbe güni Orsýetiň Surgut şäheriniň aeroportunda içi 124 ýolagçyly «Tu-154 B» kysymly ýolagçy uçary öz-özünden ot alanda, ýolagçylardan 3-si ölüp, 43-si hem ýaralandy.

Ýangynyň sebäplerini anyklamak boýunça häzir derňew işleri alnyp barylýar.
XS
SM
MD
LG