Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýanyň demirgazyk sebitlerini suw basdy


Awstraliýanyň demirgazyk sebitlerini suw basyp, bu ýerlere iň zerur bolan harytlar harby uçarlaryň kömegi bilen daşalyp başlandy.

Rokhempton şäherine sil gelmegi zerarly şäheriň aeroporty, esasy gatnaw magistraly ýapyldy, şeýle-de köp sanly öýleri suw aldy.

Onlarça ýyllap görülmedik şeýle sil sebäpli, Awstraliýanyň Kwinslend ştatyndaky 200,000-den gowrak adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy. Bu heläkçilikde bir adamyň ölendigi hem habar berilýär.

Bu siliň ýurda ýetiren zyýanynyň bir milliard dollar töweregi bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG