Sepleriň elýeterliligi

Päkistanyň premýeri oppozision ýolbaşçylar bilen duşuşdy


Duşenbe güni Päkistanyň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilani ýurduň oppozision ýolbaşçyçylary bilen gepleşik geçirdi. Bu gepleşikleriň esasy maksady - hökümeti dolandyrýan koalisiýadan möhüm partiýanyň çykmagy bilen, ýurtda döräp biljek syýasy krizisiň öňüni almak.

Ýekşenbe güni “Muttahida Kawmi Hereketi” atly partiýa hökümet koalisiýasyndan çykyp, oppozisiýa geçýändigini mälim edipdi. Şondan soň premýer-ministr Gilaniniň hökümeti parlamentdäki köpçüligini ýitirdi.

"Biz Kabinetden 27-nji dekabrda çykdyk, şeýle-de biz şu gün hökümet oturgyçlarynda oturman, Milli geňeşde we hatda Senatda-da oppozisiýada bolmak kararyna geldik. Ýöne muňa garamazdan, biz oppozisiýada bolsagam, hökümetiň ädýän gowy ädimlerini goldarys” diýip, “Muttahida Kawmi Hereketi” partiýasynyň wekili Faisal Sabzwari aýtdy.

“Muttahida Kawmi Hereketi” partiýasy özüniň oppozisiýa geçmeginiň sebäbini ýurtda ýag önümleriniň bahalarynyň galdyrylmagy bilen düşündirýär.

Premýer-ministr Ýusuf Raza Gilani oppozisiýa ýolbaşçylary bilen täze alýansy döretmek mümkinçilikleri barada maslahat etdi.
XS
SM
MD
LG