Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýadro proýektlerini diplomatlara görkezmekçi


Sişenbe güni Eýran Halkara atom energiýasy guramasyndaky akkreditasiýa edilen ilçileri ýurtda alnyp barylýan ýadro proýektlerini görmäge çagyrandygyny tassyklady.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Ramin Mehmanparastyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, çagyrylýan bu ilçileriň hatarynda Eýranyň ýadro meselesi boýunça gepleşiklere gatnaşýan dünýäniň alty iri döwletleriniň wekilleri hem bar.

Mehmanparast Halkara atom energiýasy guramasynyň wekilleriniň çagyrylmagy Tähranyň bu agentlik bilen “hoşniýetli” gatnaşyklarynyň alamaty diýdi. Emma ol ilçileriň haýsy ýadro stansiýalaryna aýlanjakdygyny mälim etmedi.

Ramin Mehmanparastyň aýtmagyna görä, bu çakylyk Eýranyň we dünýäniň iri alty döwletiniň Stambulda geçirjek gepleşikleriniň öňüsyrasy amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG