Sepleriň elýeterliligi

Diýmesiz zady diýmek: halkara senzurasyna syn


Ukrainaly aktiwist senzura garşy protestde, 2009-njy ýyl.

Ukrainaly aktiwist senzura garşy protestde, 2009-njy ýyl.

Orsýetde žurnalistleriň öldürilmegi, Hytaýda internet blogçylarynyň tussag edilmegi, Eýranda yzygiderli ýagdaýda habar serişdeleriniň işiniň gadagan edilmegi ýaly wakalar hatda global aragatnaşyklaryň giň gerim alýan şertlerinde-de söz azatlygynyň uly basyş astynda galýandygyny bize ýatladýar.

Emma, beýleki tarapdan, ynsanlaryň şu söz azatlygy bilen bagly fundamental hukugyna inçelik bilen wehim salýan howpuň täze bir görnüşine welin örän az üns berilýär.

Bu howp daşary ýurt hökümetlerinden we biznes toparlaryndan başlap, Yslam Konferensiýasy guramasy ýaly halkara gerimdäki birgiden oýunçylaryň kampaniýalaryny öz içine alýar.

Bu alnyp barylýan kampaniýalaryň düýp maksady bolsa žurnalistleriň, alymlaryň, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň we köpsanly beýleki toparlaryň belli-belli meseleler boýunça gürrüň etmekleriniň ýa-da material çap etmekleriniň öňüni almak.

Bu inçelik bilen ýöredilýän senzura hatda Birleşen Milletler Guramasy we demokratik döwletleriň kanun goraýjy sistemalary ýaly guramalarda we sistemalarda-da göze ilýär.

Adatça, söz azatlygy bilen bagly meselelere gezek gelende, esasan, raýatlaryň azatlyklarynyň gysylýan jemgyýetlerine üns gönükdirilýär. Emma biziň günlerimizde has ýörgünli bolup ugran senzura indi kem-kem Ýewropadaky, Demirgazyk Amerikadaky we söz azatlygynyň ösen beýleki regionlaryndaky maglumatlara we pikirlere böwet döretmeklige ünsi gönükdirýär.

Mysal üçin...

Soňky bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda käbir wakalaryň ösüşi muňa aýdyň mysal bolup biler. Mysal üçin, soňky döwürde Birleşen Milletler Guramasynyň iki sany möhüm organy, ýagny, BMG-niň Baş Assambleýasy we ynsan hukuklary baradaky Geňeşi din barada, aýratynam, yslam dini barada adamlaryň näme aýdyp we näme ýazyp biljekdikleri babatynda birgiden çäklendirmelere çagyryş edýän iki sany rezolýasiýany kabul etdiler.

Bu rezolýusiýalaryň esasy nyşana alýan zady söz we dini azatlygy bogýan awtokratiýalar däl-de, eýsem Ýewropa mahsus demokratik gymmatlyklar.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, terrorizmiň maliýeleşdiriliş meselesi barada kitap ýazan amerikan awtory adamyň şahsyýetini kemsidenlikde aýyplanylyp, Britaniýanyň sudundan temmi aldy. Onuň ýazan bu kitaby bolsa, Britaniýanyň kitap bazarlarynda asla elýeterli hem däldi.

Hytaýyň häkimiýetleri bolsa, ýakynda Nobel komitetine garşy eden hüjümlerinden hem daşary, Hytaýdaky etniki we milli azlyklaryň kynçylyklary, habar serişdelerine we döredijilik eserlerine girizilýän senzuralar we beýleki hukuk bozmalar barada daşary ýurtlarda gurnalýan maslahatlara, diskussiýalara, film festiwallaryna we kitap sergilerine garşy görkezýän garşylyklarynydyr basyşlaryny hem has-da artdyrdy.

Hytaýyň öz gysyşlaryny artdyrýan bu ýurtlarynyň hatarynda bolsa Awstraliýa, Germaniýa, Taýwan we Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly ýurtlar hem bar.

Täze tendensiýa

Haýsydyr bir ýurduň raýatyny şyltak atmakda aýyplap, ony başga bir ýurduň suduna bermek tendensiýasy hem soňky wagtlar kem-kem artýar. Mysal üçin, Britaniýanyň kanunyna görä, adamy paş ediji we masgaralaýjy islendik bir söz jenaýat işi hökmünde häsiýetlendirilip bilinýär.

Netijede, Britaniýanyň bu kanuny halkara derejesinde söz azatlygyny bogmak üçin ulanylýan özboluşly bir ýaraga öwrüldi. Internet zamanynda bolsa, bir ýurduň şuňa meňzeş kanunlary söz azatlygyna senzura girizmek maksady bilen global derejede-de ulanylyp bilner.

Şu geçen ýylyň martynda BMG-niň ynsan hukuklary boýunça Geňeşi belli bir dinleriň tankyt edilmegine gadaganlyk girizilmegine çagyryş edip, ýörite rezolýusiýa kabul etdi. Bu rezolýusiýa bolsa, öz gezeginde, käbir awtoritar ýurtlaryň dini tankytlamaklyga jeza berýän kanunlaryny iki elläp goldan ýaly bir rezolýusiýa boldy.

Şeýle kanunlar eýýäm käbir ýurtlarda, şol sanda, Ýewropanyň-da birnäçe ýurdunda bar. Bu tendensiýa musulman jemgyýetlerinde has-da giňden ornaşdyryljaga meňzeýär.

Eger ýagdaý şu gidişine gitse we demokratik jemgyýetler özlerindäki azatlyklara howp abandyrylmagyna-da göz ýumsalar, onda azatlyklaryň yzygiderli boglup gelinýän ýurtlary babatda olaryň nähilidir bir talaplary öňe sürmekleri üçin moral hukuklary-da bolmaz.

Ark Puddington we Kristofer Walker ABŞ-da ýerleşýän “Freedom House” guramasynyň ýolbaşçy işgärleri. Makalanyň doly görnüşi "World Affairs: A Journal of Ideas and Debate" neşirinde çap edildi. Kommentariýadaky pikirler awtorlaryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG