Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýada guş fermalarynyň köpüsi wagtlaýynça ýapyldy


Germaniýanyň resmileriniň tabşyrygy bilen, anna güni ýurtdaky guş fermalarynyň 4,700-e golaýy wagtlaýynça ýapyldy.

Bu çäreler guşlaryň iýmitinde ýokary mukdarda dioksiniň tapylmagy sebäpli geçirilýär. Dioksin adamda rak keseleniň döremegine getirýän zäherleýji maddadyr.

Germaniýanyň oba hojalygy ministriniň aýtmagyna görä, barlag işleri geçirilip, fermalarda dioksiniň ýokdugy doly anyklanýança olar ýapyk saklanar.

ÝB-niň maglumatlaryna görä, Germaniýadan ugradylan we düzüminde dioksiniň bardygy gümän edilýän ýumurtgalar Britaniýa barypdyr.

Ýewropa Komissiýasynyň saglygy saklaýyş boýunça metbugat wekili Frederik Vinsentiň aýtmagyna görä, bu azyklaryň adam saglygyna nä derejede howpludygy barada entek doly maglumat ýok.

Bu wakalar bilen bagly derňew işleri dowam edýär.
XS
SM
MD
LG