Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taseeriň ölümi nämäniň alamaty?


Salman Taseeriň tabydy dikuçardan düşürilýär, Lahor, 5-nji ýanwar.
Salman Taseeriň tabydy dikuçardan düşürilýär, Lahor, 5-nji ýanwar.
Pakistanyň Penjap welaýatynyň häkimi Salman Taseeriň öldürilmegi biziň syýasatda wagtal-wagtal duş gelýän möhüm pursatlarymyzyň biri bolup durýar. Bu waka düýpli bir süýşmäniň bolandygyny, düzedip bolmajak bir zadyň gopandygyny aňladýan pursatlaryň biri.

Bu waka Ryszard Kapusinskiniň Eýrandaky rewolusiýadan soň beren bir reportažyny ýadyma saldy. Ol şol reportažynda bir protestçiniň Şahyň güýçli polisiýasyna çekinmän, gorky duýgusyny syrly ýagdaýda ýitirendigini suratlandyrypdy.

Taseeriň öldürilmegi hem şular ýaly häsiýete eýe. Ýöne döwrebap Pakistan barada aýdanyňda, gorky tiranynyň aralaşýan ýeri - syýasy sistemanyň ýüregi. Ýurduň syýasy medeniýetini uçudyň gyrasyndan kimiň, nädip yza çekjekdigi belli däl.

Gynandyrýan zat Taseeriň diňe dünýewi, pluralistik Pakisanyň tarapyny çalyp, çydamsyzlyga garşy duran, azlyk toparlaryň hukukyny, söz erkinliginiň zerurdygyny goranlygy üçin dürli halatlarda urlup-ýenjilen, gynalan, türmä dykylan adamdygy däl. Ýa diňe onuň Pakistanyň iň gurply, ilat taýdan iň uly welaýatyna baştutanlyk edenligi hem däl.

Adamy gynandyrýan zat - syýasy sistemanyň özüne degişli bir adamy gorap bilmänligi. Öz güýç monopoliýasyny özünden daşardakylara beren döwlet funksiýasyny ýerine ýetirýän döwlet hasaplanmaýar. Pakistanyň oňa gatnaşýan dürli partiýalara we toparlara wekilçilik etmeli syýasy düzgüni indi dünýä jemgyýetçiligine goşulmaýan garaýyşyň talaplaryna tabyn bolýar.

Taseeriň partiýasy sistemanyň sütüni hasaplanýardy. Ýöne bu partiýadan oňa goldaw beren bolmady. Özlerine çydamly yslamyň tarapdary diýýän 500 sany dini alym hem onuň öldürilmegini gutlap, ony öldüreni öwdüler.

Taseeri öldüren onuň janpenalarynyň biri diýilýär. Bir döwlet işgärini goramagy kasam eden adam “has ýokarka” edilen kasam üçin ony goramagyň deregine öldürýär.

Meniň Huma Imtiýazyň: “Ähli zadyň soňlanýan ýeri şu ýer. Mundan yza gitme ýok, gudratly em hem ýok, bir gün ähli zady gowulandyrjak jadyly taýak ýok” diýýäni bilen ylalaşýandygymyň sebäbi şu.

Men bir pakistanly däl. Ýöne Salman Taseeriň ölüminiň ol ýerde ýaşaýanlar üçin uly bir betbagtçylykdygyny duýýaryn.

Takfiri dünýä garaýşynyň tarapyny tutýanlar munuň “hakyky yslamyň” düşündirişini özlerine diniň goragçysy diýýänleriň eline berýän bir ideologiýadygyna, şu düşündirişiň hem diniň ýoýulmadyk buýruklaryna däl-de, syýasy ýagdaýa, ownuk bähbitlere göre üýtgeýändigine düşünmeýäne meňzeýär. Bu hem bu gün özlerine dogry ýoldaky dindarlar diýýänleriň ertir aňsatlyk bilen Kalaşnikowyň öň tarapynda durmaklarynyň mümkindigini bilmeýändiklerini aňladýar.

Günbatar, aýratyn-da Birleşen Ştatlar muňa üns bermeli. Waşingtondaky syýasatçylar Pakistanyň Owganystanyň gapdalynda bolup geçýän bir tomaşa däldigine düşünmeli. Köp ilatly, bulaşyk, atom ýaragly Pakistan ähmiýetden düşürilmeli däl. Öz içinden partlan Pakistan hem özüne, hem-de tutuş dünýä ejir-azap getirer.

Kristian Karyl Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Waşingtondaky býurosynyň baş redaktory. Bu kommentariýadaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG