Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda türkiýeli inžener azat edildi


Türkiýäniň Kabuldaky ilçihanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerden soň geçen ýyl Owganystanda ogurlanan türk inženeri Kosgun Kalogly azat edildi.

Zamun alnanyň haýsy şertlerde goýberilendigi habar berilmeýär. Ony ogurlanlar barasynda-da maglumat ýok.

Geçmişde şunuň ýaly adam ogurlyklarynyň arkasynda talyplar hem pul gazanmak isleýän jenaýatçy toparlar durýardy.

Kosgun Kalogly geçen ýylyň dekabrynda Nimroz welaýatynda ogurlanypdy. Ol häzir Türkiýäniň Kabuldaky ilçihanasynda.
XS
SM
MD
LG