Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak ministri Pekinde gepleşik geçirdi


ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts duşenbe güni Pekinde Hytaýyň resmi wekilleri bilen gepleşik geçirdi.

Geýts öz saparynyň Hytaýyň ABŞ bilen harby gatnaşyklary dikeltmek isleýändigine subutnama bolup durýandygyny aýtdy.

Iki ýurduň arasyndaky harby gatnaşyklar Taýwana täze amerikan ýaraglarynyň berilmegine Pekiniň garşy çykmagy bilen geçen ýyl kesilipdi.

Waşington öz tarapyndan Hytaýyň harby kuwwatynyň artyşyna alada bildirýär we onuň armiýasyny täzeleýşi hakynda has köp maglumat almak isleýär.

Geljek hepde Hytaýyň prezidenti Hu Szintao ABŞ-a sapar eder.
XS
SM
MD
LG