Sepleriň elýeterliligi

"Serhetsiz reportýorlar" Barroso açyk hat ýollady


Anna güni media azatlygyny goraýan “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Ýewrokomissiýanyň prezidenti Žoze Manuel Barroso açyk hat ýollady.

Žoze Manuel Barroso syýasy ugurlary we energiýa meselelerini maslahat etmek üçin anna güni giçlik Aşgabada bardy.

Guramanyň ugradan hatynda Türkmenistandaky media azatlygynyň ýagdaýyna, hususan-da häzir tussaglykda saklanýan žurnalistler we adam hukuklaryny goraýjylar Annagurban Amangylyjowyň we Sapardurdy Hajyýewiň ýagdaýyna üns çekilýär.

Bu açyk hatda şol iki aktiwistiň Türkmenistandaky diktaturanyň pidalary bolandygy nygtalýar. Şeýle-de olaryň meselesini türkmen resmileri bilen geçiriljek gepleşiklerde gozgamagy üçin Ýewrokomissiýanyň prezidenti Žoze Manuel Barrosa çagyryş edilýär.
XS
SM
MD
LG