Sepleriň elýeterliligi

Irlandiýanyň premýeri wezipeden çekilmekçi däl


Irlandiýanyň premýer-ministri Braýan Kowen iş başyndan çekilmejekdigini, ýöne öz syýasy ykbalyny çözmäge partiýadaşlaryna mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Ol bazar güni Dublinde eden çykyşynda “Fianna faýl” dolandyryjy partiýadan parlamentiň deputatlarynyň 18-nji ýanwarda hökümet başlygy wezipesinde galmalymy diýen mesele boýunça gizlin ses berişlik geçirjekdigini aýtdy.

Ýiti bergi krizisini başdan geçirýän Irlandiýanyň ykdysady problemalaryny çözmekde ulanýan metodlary üçin Braýan Kowen tankyt astyna alynýar.

Irlandiýanyň daşary işler ministri Miçeal Martin Koweniň garşysyna ses berjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG