Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW ÝB-ni Kosowada derňew geçirmäge çagyrýar


Adam hukuklaryny goraýan halkara “Human Rights Watch” guramasy Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçi hem onuň egindeşleri bilen bagly jenaýat etmekde öňe sürülýän gümanlary derňäp başlamaga Ýewropa Bileleşigini çagyrdy.

“Human Rights Watch” guramasy şeýle derňewi ABŞ we ÝB goldamaly diýip, hasap edýär.

Ýewropa Geňeşiniň komissiýasynyň ýakynda çap eden dokladynda 90-njy ýyllaryň ahyrynda “Kosowany azat ediş armiýasyna” baştutanlyk eden Taçi we onuň ýakyn töwereginiň 90-njy ýyllaryň ahyrynda Kosowadaky uruş wagty edilen adam öldürmek, adam ogurlamak we beýleki jenaýatlar üçin jogapkärçilik çekýändigi bellenýärdi.

Olaryň öldürilen serb ýesirleriniň içki organlaryny satandygy barasynda şübheler öňe sürlüpdi. Kosowa häkimiýetleri bu aýyplamalary çürt-kesik inkär edýär.
XS
SM
MD
LG