Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat bazarlarynda azyk harytlary


Aşgabadyň bazarynda, ýanwar, 2011.
Aşgabadyň bazarynda, ýanwar, 2011.
Türkmenistanyň oba hojalygynda henizem pagta-bugdaý esasy ekin bolmagynda galýar. Gök-bakja ekinleriniň ekilişi gitdigiçe kemeldilýär. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda 40 müň gektar gök-bakja ekinleri ekilen bolsa, tassyklanmadyk maglumatlara görä, 2010-njy ýylda bu görkeziji 6 müň gektardan hem az bolupdyr.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygynda ekin dolanyşygyna geçmek hakynda birnäçe gezek tabşyryk berenem bolsa, bu pudagyň ýolbaşçylary, esasan, pagta-galla tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge üns berýärler. Gök-bakja, et-süýt önümlerini öndürmek ikinji derejä geçýändigi üçin bu önümleriň bahasy barha gymmatlaýar.

Ýurdumyzyň, şol sanda Aşgabadyň bazarlarynda azyk harytlarynyň bahasynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, takmynan 20-25% ýokarlanandygyny aýtsa bolar. Mysal üçin, Aşgabatda 1 kg. et 9 manatdan 11-12, balyk 5-6 manatdan 8-10, 1 kg. sogan 2 manatdan 3, kartoşka 1 manat 20 teňňeden 2 manat 40 teňňä çenli ýokarlandy. Şu döwürde süýt, süýji-köke önümleriniň bahasam 10% möçberinde gymmatlapdyr.

Import

Aşgabadyň bazarlaryndaky kartoşkanyň, soganyň, sarymsagyň mukdarynyň azyndan üçden iki böleginiň Eýrandan, Pakistandan, unuň, tüwiniň, şekeriň Russiýadan, Gazagystandan, Ukrainadan, Azerbaýjandan, banan, kiwi, zeýtun ýaly subtropiki miweleriň tas hemmesiniň daşary ýurtlardan getirilen önümlerdigini Azyk senagaty assosiasiýasynyň hünärmeni Myrat aga tassyklady.

Daşary ýurtdan getirilýän azyk harytlarynyň bahalarynyň arzanladylýan halatlaram az däl. Tüwiniň 1 kg. bahasy 2009-ny ýyllaryň başyna 5-6 manada ýetipdi, ýöne telekeçilerimiziň Russiýadan, Gazagystandan köp mukdarda tüwi getirmegi bilen bu onümiň bahasy görnetin arzanlady. Häzir 3-4 manada ak bazardan gowy tüwi alyp bolýar. Geçen ýylyň ahyryna çenli sarymsak kem-kemden gymmatlap, 1 kg. 20 manada bardy, bu önümiň Eýrandan getirilmegi bilen, häzir onuň bahasy 13-14 manada çenli aşaklady.

Ilatyň ukyby

Indi üç ýyldan bäri aýlyk-günlükler, esasan, her ýylyň başynda 10% ýokarlanýar. Aýlyk-günlükleriň galşyndan, azyk harytlarynyň bahasynyň has çalt depginler bilen gymmatlamagy bu harytlaryň ilat köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny çäklendirýär.

Aşgabadyň bazarynda, ýanwar, 2011.
Soňky ýyllarda iş orunlarynyň birneme köpeldilýändigine garamazdan, ýurtda işsizligiň henizem ýokary bolmagy ilatyň satyn alyjylyk ukubyny peseldýär. Öňki ýyllarda gazanjy pes hojalyklar kädini has köp iýen bolsalar, hatda şu ýyl onuň bahasam keýigiň şahyna çykypdyr. Has dogrysy, geçen ýyl 1 kilogramynyň bahasy 40 teňňe bolan kädini häzir satyn almak üçin 1 manat 20 teňňe tölemeli. Ýeri gelende aýtsak, Aşgabady azyk harytlary bilen, esasan, oba ýerlerinden azyk önümlerini getirýän türkmen gelin-gyzlary üpjün edýär.

Ekin dolanyşygy

Ýurtda azyk harytlarynyň önüm bolçulygyny döretmek üçin ilkinji nobatda, Nyýazowyň “Täze oba syýasatyndan” el çekip, iş ýüzünde ekin dolanyşygyna geçmeli. Prezidentiň maldarçylyk pudagynyň ot-iým bazasyny döretmek hakynda görkezme berendigine seretmezden, oba hojalyk emeldarlary häzire çenli bu tabşyrygy ýerine ýetirenoklar. Şonuň üçin ýyl gurak ýa sowuk gelse, mallarymyz köpçülikleýin gyrylýar. 2008-nji ýylyň sowuk gyşynda munuň hakykatdanam şeýle bolandygyny döwlet baştutanymyz hem belledi.

Daýhanlara ýeri uzak möhletleýin kärendesine berip, olaryň geljekde hususy mülkli bolmagyna şert döredýän kanunlary kabul edip, ýurduň oba hojalygyny bazar kadalaryna görä dogry gurnamaly. Ýurdumyzyň suw ätiýaçlygy bilen ekin ekip bilmek mümkinçiligimizi ylmy esasda sazlamaly. Diňe şu ýagdaýda daýhanlarymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döredip, hatda bu önümleriň eksport edilmegine giň ýol açardy. Şeýlelikde Aşgabadyň bazarlarynda-da, tutuş ýurdumyzda-da azyk harytlarynyň bolçulygy döräp, bahalaram halka elýeterli bolardy diýip, pikir edýärin.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG