Sepleriň elýeterliligi

Liwanda “Hizbullah” toparyna garşy protest geçirilýär


Sişenbe güni Liwanda müňlerçe adamlar radikal şaýy topary bolan “Hizbullah” toparynyň hökümeti düzmek planlaryna garşy çykyp, demonstrasiýa geçirdiler.

Duşenbe güni Liwanyň parlamentinde geçirilen ses berişlikde deputatlar “Hizbullah” toparynyň ýarany, sünni mezhebinden bolan Najib Mikatini premýer-ministriň wezipesine tassykladylar.

Bu wakanyň öňýany ýurduň prezidenti Mişel Süleýman sünni mezhebinden bolan milliarder Najib Mikatini premýer-ministriň wezipesine hödürläpdi.

Liwanyň ozalky premýer-ministri Saed Hariri indi öz wezipesinden çekilmeli. Ol “Hizbullah” topary tarapyndan dörediljek täze hökümetiň düzümine özüniň girmejekdigini aýtdy.

Ýakynda şaýy radikal topary bolan “Hizbullah” Saed Haririniň kakasy Rafik Haririniň 2005-nji ýylda janyna kast edilip öldürilmegi bilen baglanyşykly waka boýunça BMG-niň tribunalynyň geçirýän derňewlerine protest bildirip, hökümetden çekilipdi.
XS
SM
MD
LG