Sepleriň elýeterliligi

Fransuz janköýerini öldüren serblere höküm çykaryldy


Serb sudy 2009-njy ýylda fransuz futbol janköýerini ölýänçe ýenjen 14 serbe garşy höküm çykardy.

Belgradyň ýokary sudy günäkärlere 4 hem 35 ýyl aralygynda türme tussaglygyny bermeli etdi.

Sud olaryň serb paýtagtynyň merkezindäki kafeniň öňünde 28 ýaşly Braýs Tatona hüjüm etmekde günäli tapylandygyny aýtdy.

Bu waka 2009-njy ýylyň sentýabrynda bolupdy. Günäli tapylanlaryň ikisi heniz tutulanok we olara gaýybana ýyl kesildi.
XS
SM
MD
LG