Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunisiň öňki prezidenti tussag edilmeli diýen karar çykdy


Çarşenbe güni Tunisiň adalat ministri Lahzar Karoui Çebbi ýurduň häkimiýetden çetleşdirilen ozalky prezidenti Ben Aliniň tussag edilmelidigi barada karar çykardy.

Adalat ministri Lahzar Karoui Çebbi Tunisiň ozalky prezidentiniň tussag edilmelidigi barada eýýäm halkara Interpol gullugyna hem haýyşnamanyň ýollanandygyny aýtdy.

Tunisiň ozalky döwlet lideri Ben Ali köpçülikleýin halk gozgalaňynyň möwç almagy netijesinde ýakynda, 14-nji ýanwarda öz maşgala agzalary bilen ýurdy terk edip, Saud Arabystana bosup barypdy.
XS
SM
MD
LG