Sepleriň elýeterliligi

ÝB Belarusyň resmilerine garşy sanksiýalary güýçlendirmekçi


Anna güni Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Belarusyň resmilerine garşy ozalkylardan hem has berk sanksiýalary girizmekligi göz öňünde tutýandyklaryny mälim etdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygynyň metbugat sekretary Maýa Koçijançiç Bileleşigiň territoriýasyna sapar etmekligi gadagan edilen belarus resmileriniň sanynyň bu gezek has-da artdyryljakdygyny aýtdy.

2006-njy ýylda Belarusda geçen dawaly saýlawlardan soň Ýewropa Bileleşigi ýurduň prezidentine we ýene kyrk sany resmisine Bileleşigiň territoriýasyna girmekligi gadagan ediji sanksiýalary girizipdi. Ýöne aradan iki ýyl geçip, bu sanksiýalar ýatyrylypdy.

Bu gezekki sanksiýalaryň şu geçen dekabr aýynda Belarusda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen protestçilere garşy gazaply güýç ulanylmagy bilen baglanyşykly wakalara jogap hökmünde giriziljekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG