Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: reformalar döwrüň talabyndan yza galdy


BBC-niň maglumatyna görä, Müsüriň 80,5 million ilatynyň 9,6 prosenti işsiz.
BBC-niň maglumatyna görä, Müsüriň 80,5 million ilatynyň 9,6 prosenti işsiz.
1981-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda, yslamçy ekstremistler prezident A.Saadatyň janyna kast edenden bir aý soň, Hosni Mubarek prezident saýlandy. Ol 1975-nji ýyldan bäri wise-prezidentdi we 1973-nji ýylyň oktýabryndaky uruşda howa güýçleriniň komandiri bolupdy.

Häzir 82 ýaşly Mubarek 1991-nji ýyldan ykdysady reforma geçirip başlady we hususy eýeçiligiň roluny ösdürdi diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň geçen ýylyň noýabrynda ýaýradan raportynda habar berildi.

Global ykdysady krizisden öň Müsüriň ykdysadyýeti 7 prosent çemesi ösdi. Emma, bu ösüşe garamazdan, hökümet azyk, jaý we energiýa üçin subsidiýa bermegini dowam etdi.

ABŞ-dan ýylda 1,5 milliard çemesi dollar kömek alýan Müsüriň ykdysadyýeti esasan turizme, nebit-gaz eksportyna we Suez kanalyndan gelýän girdejilere daýanýar.

Müsüriň 80,5 million ilatynyň üçden bir bölegi oba hojalygy bilen meşgullanýar.Ýurduň oba hojalyk önümleriniň ählisi diýen ýaly 2,5 million gektar töweregi meýdandan öndürilýär we käbir çöllük ýerler ekerançylyk üçin özleşdirildi. Şonuň ýaly-da fermerler maldarçylyk, guşçulyk bilen hem köp meşgullanýarlar.

Müsür nebite, tebigy gaza, fosfata we demre baý ýurt. Nebit we gaz ýurduň içerki önümçiliginiň 12 prosentini tutýar. 2009-njy ýylyň iýulynda berlen habara görä, ýurduň çig nebitiniň we kondensatynyň gory 4,4 milliard barrele deň.

“Reýteriň” maglumatyna görä, turizm Müsüriň içerki önümçiliginiň 11 prosentinden gowragyny eýeleýär. Bu barada Turizm ministrligi habar berdi. Ýurtda işleýänleriň her sekizden biri şu pudakda zähmet çekýär.

2009-njy ýylda 12,5 million çemesi turist Müsüre sapar etdi we ýurda 10 milliard 800 million amerikan dollary möçberindäki girdeji getirdi. Resmi sanlara görä, 2010-njy ýylyň ilkinji 9 aýynda turizm 9 milliard amerikan dollaryndan gowrak girdeji getiripdir.

BBC-niň maglumatyna görä, Müsüriň 80,5 million ilatynyň 9,6 prosenti işsiz. Olaryň 20 prosenti garyplykda ýaşaýar. Ýurduň ykdysadyýeti daşary ýurtlarda, ylaýtada Saud Arabystanynda we aýlag ýurtlarynda işleýän müsürlileriň ýollaýan pullaryna hem garaşly.
XS
SM
MD
LG