Sepleriň elýeterliligi

Müsür rewolýusiýasynyň ümzügi öňe


Kairiň merkezinde söweş tanklary ýerleşdirilip, şäheriň üstünde dikuçarlar aýlanyşyp ýörler, 31-nji ýanwar.

Kairiň merkezinde söweş tanklary ýerleşdirilip, şäheriň üstünde dikuçarlar aýlanyşyp ýörler, 31-nji ýanwar.

Prezident Hosni Mubaregiň režimine garşy protestler indi ýedi gün bäri üznüksiz dowam edýär. Kairiň merkezinde söweş tanklary ýerleşdirilip, şäheriň üstünde dikuçarlar aýlanyşyp ýörler. Bu ýerde protestçileriň ýygnanýan esasy ýeri Tahrir meýdançasy. Dowam edýän protestlerde 125 adamyň ölendigi çaklanýar.

Uly lideri öňe çykaryldy

Oppozision ýolbaşçylar sişenbe güni halky tutuş ýurtda iş taşlaýyş geçirmäge çagyrmak bilen Mubaregiň režimine edilýän basyşy artdyrdylar. Reformaçy lider, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi we Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň öňki baş sekretary Muhammad El-Baradeý ýekşenbe güni agşam Tahrir meýdançasynda märekä goşuldy. Ol demonstrantlara alyp barýan ýollarynyň dogrudygyny aýtdy.

El-Baradeý Kairdäki Tahrir meýdançasynda, 30-njy ýanwar.
“Men durmuşymyzyň bu iň şatlykly gününde size goşulmaga geldim. Bu gün siziň her biriňiziň ýüzüňize göni garap bilýärin. Bu gün müsürliler hökmünde siz ýaşaýyş we azatlyk hukugyny gaýtaryp aldyňyz. Başlanan zady yzyna öwrüp bolmaz. Ozal hem aýdyşymyz ýaly, biziň bir esasy talabymyz bar. Ol hem režimiň soňuna çykyp, täze döwre başlamak” diýip, El-Baradeý aýtdy.

Mubarege garşy toparlar goşun ýolbaşçylary bilen gepleşmek üçin komitet döredensoň, El-Baradeý möhüm oppozision şähsyýete öwrüldi. Müsüriň gadagan edilen iň uly oppozision topary “Musulman doganlar” hem şol komitetiň agzasy hökmünde özleriniň El-Baradeýi goldaýandyklaryny bildirdiler.

Ýöne ýekşenbe güni Mubarek bilen duşuşan ýokary derejeli generallaryň näme niýetiniň bardygy entek belli däl. Protestçileriň köpüsi köçelerde esgerleriň ýerleşdirilmegini oňat garşyladylar.

Ýaraşyk ylalaşygynyň ykbaly

Waşington bolsa Müsür bilen Ysraýylyň arasynda 30 ýyl bäri dowam edip gelýän ýaraşyk ylalaşygynyň gelejegini alada edýär. Ak Tamda Mubaregiň režimi çöken ýagdaýynda näme zatlaryň zerurdygy barada pikir alşylýar.

Döwlet sekretary Hillari Klinton hökümetiň kadaly ýagdaýda çalşyrylmagyna çagyrdy. Ýöne ol telewideniýä beren dürli interwýularynda bu işiň bir günde bitmejekdigini aýtdy: “Bu indi milli dialoga tarap gidilmeginiň, anyk çäreler girizip, parahatçylykly protestlere ýol açyp, oňat geljege kömegi degjek parahatçylykly oppozisiýany döretmegiň wagty. Biziň görmek isleýänimiz şol”.

Klinton şeýle hem Birleşen Ştatlaryň Müsürde saýlawlaryň erkin we adalatly bolmalydygy hakda ozal hem aýdyp gelendigini belledi. Ýöne Klinton ýaňy wise-prezidentlige bellenen aňtaw gullugynyň başlygy Omar Süleýmanyň Ysraýyl bilen bolan ýaraşyga we Orta Gündogarda geosyýasy durnuklylyga zyýan ýetirmän, bu reformalary amala aşyryp biljekdigine ynanýar.

“Biz wise-prezident zerur diýip, 30 günläp aýdyp geldik. Iň soňunda bu iş ýaňy birki günlükde edildi. Biz Müsür bilen bolan ýaranlygyň çäginde oppozision toparlaryň häkimiýete girip, ýurdy dolandyrmaga gatnaşmagy üçin syýasy reformalar geçirilse, munuň müsür halkyna nämeleri berip biljekdigi barada hemişe oýlanyp geldik” diýip, Klinton aýtdy.

Bu aralykda analizçiler protestler uzaga çekse, maliýe taýdan bulagaýlygyň döremegi mümkin diýip duýdurýarlar. Ýurduň Merkezi banky maliýe krizisiniň öňüni almak üçin tygşytlanan ýeterlik walýutanyň bardygyny aýdýar. Ýöne düýn we öňňin bolan talaňçylyklar zerarly bu gün dükanlaryň köpüsi ýapyk. Adamlar çörek we beýleki zerur harytlary satyn almak üçin uzak wagtlap nobatda durmaly bolýarlar.
XS
SM
MD
LG