Sepleriň elýeterliligi

Türk premýeri Erdogan Mubaregi halky diňlemäge çagyrdy


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Müsüriň prezidenti Hosni Mubaregi halkyň talaplaryna gulak asmaga çagyrdy.

"Halkyň sesine we raýatlyk talaplaryna gulak asyň, hiç hili ikirjeňlenmezden adamlaryň üýtgeşiklik talaplaryny kabul ediň” diýip, premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan Türkiýäniň parlamentinde çykyş etdi.

Erdogan bu çykyşyny Mubarege “örän çynlakaý maslahat we örän çynlakaý duýduryş” diýip häsiýetlendirdi.

Soňky wagtlar Türkiýäniň Ysraýyl bilen gatnaşyklarynyň sowaşmagy netijesinde Ankaranyň Ýakyn Gündogardaky diplomatiki täsiri güýçlendi.
XS
SM
MD
LG