Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde harbylaryň aýlyklary ýokarlandyrylar


Kremliň beren habaryna görä, harbylaryň aýlykary iki esse çemesi ýokarlandyrylar we harby ofiserleriň sany köpeldiler.

Prezident Dmitriý Medwedewiň aýtmagyna görä, polisiýa we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň aýlyklary hem indiki ýanwardan galdyrylar.

“Associated Press” gullugynyň maglumatyna görä, geçen iki ýyldan gowrak döwrüň dowamynda Orsýetde harbylaryň sany 350 müňden 150 müňe çenli kemeldildi.

Çarşenbe güni Orsýetiň goranmak ministri Anatoliý Serdýukowyň häzir 70 müňden gowrak ofisere zerurlyk bar diýendigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG