Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Müsürde žurnalistlere azar berilmegini ýazgarýar


Penşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet departamenti Müsürdäki protestler barada material taýýarlaýan žurnalistleri gorkuzmak kampaniýasyny ýazgardy.

Döwlet departamentiň metbugat wekili Filip Krowleý: “Kairde halkara žurnalistleri gorkuzmak we olaryň material taýýarlamagyna päsgel bermek kampaniýasy ýola goýlupdyr. Biz bular ýaly hereketleri ýazgarýarys” diýdi.

Şeýle reaksiýa düýbi Britaniýadaky “Vodafone” mobil telefon operatory “Müsüriň häkimiýetleri mobil telefon operatorlaryny hökümeti goldaýan SMS-leri ýaýratmaga mejbur etdi” diýenden soň peýda boldy.

“Vodafone” bu ýagdaýy “kabul ederliksiz” diýip ýazgardy.

Mundan öň Müsüriň häkimiýetleri protestçileriň biri-birleri bilen habarlaşmagyna böwet bolmak üçin ýurtdaky mobil aragatnaşygyny kesdi.
XS
SM
MD
LG