Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň goranmak ministri dawaly adalara sapar edýär


Orsýetiň goranmak ministri Anatoliý Serdýukow dawaly Kuril adalaryna sapar edýär.

Bu adalaryň özygtyýarlylygy eýýäm köpden bäri Orsýet bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dawa meselesidir.

Serdýukow häzir dawaly Kuril adalarynyň düzümine girýän dört adanyň biri bolan Iltrup adasyna bardy.

Serdýukowyň aýtmagyna görä, ol “harby barlag” maksady bilen beýleki iki ada hem sapar eder.

Resmi Tokio muňa öz närazylygyny bildirdi.

Geçen ýylyň noýabrynda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hem bu adalarda saparda bolupdy.

Şol sapar Moskwanyň we Tokionyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklaryň dartgynlaşmagyna sebäp bolupdy.

Ikinji jahan urşunyň soňunda sowet goşunlary bu adalary basyp alypdy.
XS
SM
MD
LG