Sepleriň elýeterliligi

Umarow «Domodedowo» partlamasyny öz üstüne aldy


Duşenbe güni ekstremist çeçen söweşjeň lideri Doku Umarow geçen aý Moskwanyň «Domodedowo» aeroportunda gurnalan partlamanyň amala aşyrylmagyna hut özüniň görkezme berendigini aýdyp beýanat ýaýratdy.

«Kawkazcenter» atly yslamçy internet saýtynda ýerleşdirilen wideo-beýanatynda Doku Umarow Orsýetin Kawkaz regionynda şerigat kanunlary arkaly dolandyrylýan garaşsyz döwlet döretmek ugrunda şular ýaly partlamalaryň ýene-de amala aşyryljakdygyny duýdurýar.

«Domodedowo» aeroportunda janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylan şol partlamada 36 adam ölüp, onlarça adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG