TDH: “Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň prezidenti wezipesine saýlanmagynyň ýyl dönümine gabatlap, Türkmenistanyň “Demokratik partiýasynyň” Syýasy geňeşi “Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow täze Galkynyş eýýamynda, beýik özgerişler zamanynda türkmen halkynyň milli lideri” diýen at bilen 7-nji fewralda konferensiýa geçirdi” diýip ýazýar.
G.Berdimuhamedowyň prezidentliginiň dört ýyllygyna bagyşlanan konferensiýa milli parlamentiň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleriniň, ylym, medeniýet işgärleriniň, mugallymlaryň, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň gatnaşandygy habar berilýär.
Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti wezipesine resmi suratda geçenden soň, 2007-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistandaky ýeke-täk resmi syýasy partiýanyň ýygnagynda partiýanyň Syýasy geňeşiniň şol wagtky 1-nji sekretary Onjuk Musaýew şeýle teklip bilen çykyş edipdi: “Indi Türkmenistanyň “Demokratik partiýasynyň” başlygyny saýlamak meselesine geçmeli. Kimde nähili teklip bar?”
Gurultaýyň wekili Meýlis Öwezow: “Hormatly adamlar, Türkmenistanyň umumymilli “Galkynyş” hereketiniň we Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň başlyklygyna hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy teklip edýärin hem goldamagyňyzy haýyş edýärin”.
Şol ýygnakda prezident partiýanyň başlyklygyna biragyzdan saýlanypdy. Bu wezipäni öň Saparmyrat Nyýazow eýeleýärdi.
“Ýurduň ykbalyna täsir edýän düýpli özgerişler “Demokratik partiýanyň” düýnki konferensiýasynda edilen dokladlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Berdimuhamedow öňdengörüji syýasatçy, gaýratly reformator, ajaýyp strateg hem täze formasiýanyň alymy. Muňa iň aýdyň subutnama G.Berdimuhamedowa “2010-njy ýylyň adamy” diýen hormatly adyň berilmegidir” diýip, TDH gullugy ýazýar hem oňa häzirki zamanyň ýalkymly dünýä liderleriniň biri hökmünde baha berýär.
“Parhatçylygy pugtalandyrmaga goşýan goşandy, tutuş adamzadyň bähbidine edýän teklipleri üçin G.Berdimuhammedowa şeýle hormatly adyň berlendigi” maglumatda nygtalýar.
Şol ady Rumyniýanyň tanalmaýan bir guramasy beripdi. Rumyniýanyň energetika boýunça ekspertleriniň biri Dan Susio “2010-njy ýylyň adamy” diýen ady Rumyniýanyň kiçijik, ýurduň itellektuallarynyň arasynda asla ähmiýeti bolmadyk bir institutyň berendigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.
“Dempartiýanyň” konferensiýasyndan başga 8-nji fewralda “Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň beýik özgerişler ýoly” at bilen Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetinde konferensiýa geçiriljekdigini TDH gullugy ýazýar.