Sepleriň elýeterliligi

Müsürde protestçiler parlamentiň girişini böwetlediler


Çarşenbe güni Müsüriň paýtagty Kairiň Tahrir meýdançasynda hökümete garşy geçirilýän protestleriň 16-njy güni boldy. Protestçiler ýurduň parlamentiniň girişini hem böwetlediler.

Berilýän maglumatlara görä, binany ýaragly esgerler goraýar. Emma, muňa garamazdan, bu ýerdäki protestler asuda ýagdaýda geçýär.

Müsüriň parlamentindäki köpçülik prezident Hosni Mubaregiň Milli Demokratik partiýasynyň elinde.
XS
SM
MD
LG