Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerkukdaky partlamada 7 adam öldi, 80-si ýaralandy


Çarşenbe güni Yragyň Kerkuk şäherinde amala aşyrlan ulag partlamalarynda azyndan 7 adamyň ölendigini we 80 töweregi adamyň ýaralanandygyny ýurduň polisiýasy habar berýär.

Bu partlamalaryň biri kürtleriň howpsuzlyk güýçleriniň baş binasynyň golaýynda amala aşyryldy. Beýleki iki partlamanyň nyşanasy bolsa polisiýa patrullary boldy.

Şol partlamalar barada Kerkugyň adaty raýaty Ahmet Zibari şeýle gürrüň berýär: "Bu aýylganç we howply ýagdaý haçana çenli dowam eder? Biz beýle hüjümleriň öňüniň alynmagy üçin berk howpsuzlyk çäreleriniň geçirilmegini sorap, hökümete we Kerkugyň ýerli häkimiýetine çagyryş edýäris. Sebäbi bu hüjümlerde resmiler däl, mydama-da parahat ilat pida bolýar”.

Kerkuk şäherinde esasan etniki araplar, kürtler we türkmenler ýaşaýar.

Şeýle-de Kerkukda Yragyň 11 trillion dollara golaý nebit zapaslarynyň üçden biri ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG