Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Internet hyzmatlarynyň bahasynda rekord


“Türkmentelekom” ýurduň bäş welaýatynda we paýtagt Aşgabatda aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýär.
“Türkmentelekom” ýurduň bäş welaýatynda we paýtagt Aşgabatda aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýär.
“Türkmentelekomyň” Online.tm Internet saýtyna salgylanyp, “Agence France-Presse” Türkmenistanda “Türkmentelekomyň” müşderilerine teklip edilýän çäklendirilmedik internet hyzmaty we onuň bahalary bahalary baradaky maglumatlary çap etdi.

Edil dünýäniň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň ilaty-da ýokary tizlikli, çäklendirilmedik ADSL sistemaly Internetden peýdalanyp biler, ýöne olar bu hyzmat üçin aýda 6,821 amerikan dollaryny, ýagny täze puldan 19,440 manady tölemeli bolarlar. Onuň tizligi sekundda 2,048 kilobaýt.

Näme üçin gymmat?

Döwlet eýeçiligindäki “Türkmentelekom” aragatnaşyk kärhanasy Internet hyzmatynyň tizligine görä arzanrak görnüşlerini hem teklip edýär. Mysal üçin, tizligi sekundda 64 kilobaýt internetiň bahasy aýda 213 dollar. Iň arzan internet aýlyk 43 dollar bolup, ol bir aýda 2 gigabaýtlyk elektron alyş-çalşyga mümkinçilik berýär.

“Şeýle maglumat bar. Daşary ýurtlular bilen ýurt raýatlarynyň Internet hyzmatyna töleýän tölegi deň däl. Dogrusy daşary ýurtlular pylança töleýär diýip, anyk san aýdyp biljek däl. Ýöne ýurduň raýaty hökmünde men bir aýyma 12 manat töleýärin. Interneti çatyp ulanamda-da her minutyna iki teňňe töleýärin” diýip, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Merkezi Aziýa ýurdy bolan Özbegistan ýapyk režimliligi, azatlyklaryň çäklendirilişi, awtoritarlygy boýunça halkara guramalaryň hasabatlarynda, köplenç Türkmenistan bilen ýanaşyk gelýär. Bu ýurtda Internet hyzmatynyň bir aýlyk bahasy näçe?

Merkezi Aziýa boýunça internet ugrundan bilermen özbegistanly Tolkun Umaralyýew şeýle diýýär: “Özbegistanda onlarça internet prowaýderleri bolup, olaryň arasynda bäsdeşlik bar. Şonuň üçin internet gymmat däl. Ortaça, mysal üçin, ‘Dial-up hyzmatyny alsak, 35 töweregi”.

Umaralyýewiň sözlerine görä, ýokary tizlikli internet 50 dollara çenli. Şol bir wagtda-da spesialist Özbegistanda häkimiýetler tarapyndan petiklenen Internet saýtalarynyň hem az däldigini belledi.

Dünäniň käbir ýurtlaryna ilata hödürlenýän ýokary tizlikdäki Internet hyzmatlarynyň her aýlyk ortaça bahalary: Polşada 30 dollar, Koreýada 30 dollar, Britaniýada 33 dollar, Çehiýada 45 dollar, Germaniýada 50 dollar, Birleşen Ştatlarda 50 dollar, Awstraliýada 77 dollar, Portugaliýada 83 dollar we Norwegiýada 104 dollar (Çeşme: OECD)

Ilatyň ukyby

“Agence France-Presse” ABŞ-nyň Merkezi aňtaw edarasynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen, 2010-njy ýylda Türkmenistanda ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümiň 7,400 dollar bolandygyny ýa-da ortaça jan başyna aýda düşýäniniň 616 dollara deňdigini ýazýar.

Ýurtda işsizligiň ýokary derejede dowam edýän wagty, aýlyklaryň, pensiýadyr stipendiýalaryň möçberiniň çäkli ýagdaýynda çäklendirilmedik, ýokary tizlikli Internete aýda 7,000 dollar töweregi töleg girizilmegi näme bilen bagly bolup biler?

“Müsürde bolan wakada halky ýygnamak, ýaşlary aýaga galdyrmak, nähili sebäp bilen şolar meýdana çykmaly - bularyň hemmesi Internetiň kömegi bilen gurnaldy. Şular ýaly waka bolmasyn diýlip edilýän zat” diýip, öňki diplomat, daşary ýurtda döredilen oppozision Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow öňe sürýär.

2008-nji ýyla çenli Türkmenistanda esasan daşary ýurt firmalaryna Internetden peýdalanmaga rugsat berilýärdi. Ilkinji Internet kafeler 2007-nji ýylyň başynda peýda bolup ugrady.

Adamlar Internet kafeleriň hyzmatyndan peýdalananlaryny hem kem görenokler, çünki bir sagat Internet ulanmagyň bahasy, çak bilen, bir amerikan dollaryna deň. Ýöne Internetden peýdalanmak isleýänler kafe pasport bilen barmaly, şol adam baradaky pasport maglumatlary žurnala ýazylýar, hasaba alynýar.

Ýurduň ýaşlary Internet hyzmatyndan esasan mobil telefonlar arkaly peýdalanýarlar. Ýakyna wagta çenli Türkmenistanda GPRS Internet hyzmatyny esasan Orsýetiň MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasy hödürleýärdi. Häzirki wagtda bu hyzmat döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr” mobil operatory tarapyndan hödürlenýär. Bu operatorda 3G Internet sistemasy hem bar.
XS
SM
MD
LG