Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda janyndan geçen hüjümçi harby lagere hüjüm etdi


Penşenbe güni Pakistanda mekdep okuwçysynyň lybasyny geýnen janyndan geçen hüjümçi harby türgenleşik lagerinde özüni partlatdy.

Bu partlamada azyndan 31 esgeriň ölendigi, onlarça esgeriň ýaralanandygy habar berilýär.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, janyndan geçen hüjümçi Mardan şäherindäki ýokary derejede goralýan harby lagere baryp, özüni partladypdyr.

Mardan şäheriniň adaty raýaty Abdul Wahab bu partlama barada şeýle gürrüň berdi: "Men öýümde dynç alýardym. Men partlamany eşitdim. Çagalarym okuwa gidipdi. Men başagaýlyga düşdüm, çagalarym barada aladalandym. Men öýden atylyp çykdym, daşarda tiz kömek maşynlary gidip-gelip durdy. Soňra men bu partlamanyň harby türgenleşik merkezinde dörändigine düşündim”.

Bu partlamanyň jogapkärçiligini talyp söweşijileri öz üstlerine aldylar.

Pakistanyň premýer-ministri Yusuf Raza Gilaniniň bu waka bilen bagly ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, bular ýaly “gorkak” hüjümler “döwletiň terrorizme garşy göreş boýunça aýgytlylygyna täsir ýetirip bilmez”.
XS
SM
MD
LG