Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistan sudy Muşarrafy Bhuttonyň öldürilmeginde aýyplaýar


Pakistan sudy şenbe güni ozalky harby lider Perwez Muşarrafy tussag etmek hakynda karar çykardy.

Muşarraf ýurduň öňki premýer-ministri Benazir Bhuttonyň öldürilmegine ilteşikli hasaplanýar.

Bhutto 2007-nji ýylda, Rawalpindi şäherinde saýlaw kampaniýasyny geçirýän mahalynda öldürilipdi.

Rawalpindiniň häzir derňew astyndaky ozalky polisiýa başlygy şol wagtky prezident Perwez Muşarrafyň Bhuttonyň howpsuzlyk planyna üýtgeşme girizendigini, şeýle-de kast ediş sahnasynyň dogry-dürs derňew geçirilmezinden öň arassalanmagy barada buýruk berendigini aýdýar.

Muşarrafyň sözçüsi bu aýdylýanlary ret edýär. Muşarraf 2008-nji ýyldaky umumy saýlawlarda utulaly bäri Londonda ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG