Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şu hepde Alžirde täze demonstrasiýalar geçiriler


Alžirde protest aksiýalaryny gurnaýjylar täze demonstrasiýalary geçirmäge çagyryş etdiler.

“Alžirde demokratik özgerişler ugrundaky hereket” adam hukuklaryny goraýjylary, aklawçylary we profsoýuz agzalaryny özüne birleşdirýär.

Hereket 19-njy fewralda tutuş ýurt boýunça manifestasiýa geçirmäge çagyryş etdi.

Protest aksiýalaryny gurnaýjylaryň maglumatyna görä, şenbe güni bolan demonstrasiýa 10 müň töweregi adam gatnaşypdyr. Ýöne häkimiýetler bu sanyň bir ýarym müňdügini tassyklaýar.

Demonstrasiýa gatnaşyjylaryň elinde prezident Abdulaziz Buteflikiň iş başyndan çekilmegini talap edýän şygarlar bar.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Alžiriň häkimiýetlerini demonstrasiýa wagty sabyrly bolmaga çagyrdy we alžir halkynyň hak-hukuklaryny berjaý etmegiň zerurdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG