Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda režimiň tarapdarlary bilen garşydaşlary çaknyşdy


Eýranda iki gün ozal geçirilen protestlerde atylyp öldürilen ýaş oglanyň jaýlanyş çäresi, 16-njy fewral.
Eýranda iki gün ozal geçirilen protestlerde atylyp öldürilen ýaş oglanyň jaýlanyş çäresi, 16-njy fewral.
Çarşenbe güni Eýranyň hökümetiniň tarapdarlary bilen garşydaşlarynyň arasynda özara çaknyşyk boldy. Bu çaknyşyk mundan iki gün ozal ýurtda geçirilen protestlerde atylyp öldürilen ýaş oglanyň jaýlanyş çäresinde boldy.

Duşenbe güni Sanee Zaleh hökümete garşy protestde atylyp öldürlipdi. Taraplaryň ikisi-de bu oglanyň ölüminde biri-birlerini günäkärleýärler.

Emma ýurduň howpsuzlyk güýçleri öldürilen adam howpsuzlyk güýçleriniň wekilidigini, onuň Eýranyň “Hak mujaheddinleri” atly gozgalaňçy topary tarapyndan öldürilendigini öňe sürýär.

Çarşenbe güni Eýranyň Baş prokurory Mohseni Ejei duşenbe günki protestlere çagyryş eden Mir Hossein Musawiniň we Mehdi Karrubiniň garşysyna iş gozgalyp bilinjekdigini duýdurdy.

Sişenbe güni “Musawä we Karrubä ölüm jezasy berilmeli!” diýip gygyryşan köçelere çykan protestçiler däldi. Ony Eýranyň parlamentiniň deputatlary aýtdylar. Eýranyň parlamentçileri muny Tähranyň we ýurduň beýleki şäherlerinde onlarça müň adamlaryň köçelere çykyp, hökümete garşy protest geçirmekleri sebäpli etdiler.

Geçen hepde oppozisiýa liderleri Mir Hossein Musawi we Mehdi Karrubi Müsürde we Tunisda dörän demokratik rewolýusiýalary goldap, ýurtda 14-nji fewralda ýöriş geçirmäge çagyrypdylar.

Eýranyň parlamentiniň 221 deputaty bu protestleriň jogapkärçiligini oppozisiýa liderleriniň boýnuna atdy we olaryň suda çekilip, ölüm jezasyna höküm edilmelidigi barada beýannama gol goýdy.

“Biziň pikirimizçe, adamlaryň sabyr-takaty doldy. Olar oppozisiýa liderleri üçin ölüm jezasyny talap edýärler” diýip, bu beýannamada aýdylýar.

Resmiler bu oppozision liderleriň öldürilmegini ilkinji sapar talap edenoklar. Mundan ozalam prezident Mahmud Ahmedinejadyň dawaly prezident saýlawlarynda ýeňmegi netijesinde 2009-njy ýyldaky protestlerden soň, şeýle talaplar ençeme gezek edilipdi.

Režim howatyrlanýar

Häzire çenli bu çagyryşlar hiç hili netije bermedi. Eýrandaky režimiň Mir Hossein Mousawiniň we Mehdi Korrubiniň tussag edilmegi bilen, oppozision hereketiň ýaýbaňlanmagyndan we şol oppozisionerleriň milli gahyrmanlara öwrülmeginden howatyrlanýan bolmagy mümkin.

Birleşen Ştatlaryň Denwer Uniwersitetinde Ýakyn Gündogar syýasaty boýunça okadýan Nader Haşemi ölüm jezasyna çagyryşlaryň aňyrsynda belli bir tolgunmalaryň bardygyny çaklaýar: "Zorluk ulanmak haýbatlary we ölüm jezasyna çagyryşlar ideýa göreşinde ýeňlenler üçin ahyrky gaçybatalga bolsa gerek. Şeýle-de jemgyýetçiligiň ahlak, syýasy ýa-da intellektual argumetnlerini ýeňmegi başarmandygy sebäpli olar howp döretmäge we gorkuzmaga çalyşýarlar”.

Haşeminiň pikiri, häzirki ýagdaýlar Eýrandaky režimiň ynjalyksyzlanýandygyny aýdyň görkezýär: “Ýagny, bulara “Ýaşyllar hereketiniň” aktiw bolmagy, şeýle-de Musawiniň we Karrubiniň jemgyýetçiligiň uly goldawyna eýe bolmagy sebäp bolýar. Musawi we Karrubi demonstratsiýalary geçirmäge çagyrdylar, halkam olary goldady”.

Mejlisiň deputaty Ruhollah Hosseinian Eýranyň döwlet radiosynda çykyş edip, suduň geçirilmegi üçin gollaryň ýygnalýandygyny mälim etdi. Eýranyň Baş prokurory Mohseni Ejei hem protestleri gurnaýylaryň üstünden geçiriljek suduň “gyssagly we pugta” boljakdygyny aýtdy.

Eýranda 14-nji fewralda bolan protestler 2009-njy ýyldaky protestlerden soňra geçirilen iň uly protestdir. Bu protestde adamlar ýurduň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýä garşy şygarlary hem agzadylar. Protestçiler onuň häkimiýetden agdarylan Müsür we Tunis prezidentleriniň gününe düşjekdigini hem duýdurdylar.

Musawiniň we Karrubiniň protestlere gatnaşmagynyň öňüni almak üçin olar entegem öý tussaglygynda saklanýana meňzeýär. Çarşenbe güni Karrubi Web saýtynda özüniň hiç hili howplardan çekinmeýändigini, şeýle-de halka ygrarlydygy barada beýanat ýaýratdy.

Karrubi bu beýanatynda “Men 1962-nji ýyldan bäri özümi halkyň sadyk guly diýip hasaplaýaryn. Şu pata berlen ýolda islendik pidany bermäge taýýar” diýdi.
XS
SM
MD
LG