Sepleriň elýeterliligi

Obama awtokratik hökümdarlara duýduryş berdi


Obama awtokratik hökümdarlara ýüzlendi: "Siz zorluk bilen häkimiýeti eliňizde saklap bilmersiňiz. Bu aýratyn-da häzirki döwürde bir hakykat".

Obama awtokratik hökümdarlara ýüzlendi: "Siz zorluk bilen häkimiýeti eliňizde saklap bilmersiňiz. Bu aýratyn-da häzirki döwürde bir hakykat".

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama awtokratik hökümdarlara zorluk we mejburlyk bilen häkimiýeti ellerinde saklap bilmejekdikleri, dünýäniň indi üýtgeýändigine düşünmelidikleri barada duýduryş berdi.

“Siz zorluk bilen häkimiýeti eliňizde saklap bilmersiňiz. Bu aýratyn-da häzirki döwürde bir hakykat. Bu täze döwürde halk diňe käbir merkezi hökümetler ýa döwlet tarapyndan dolandyrylýan telewideniýe däl, olar smartfonyň ýa Twitteriň üsti bilen hem özara habarlaşyp, ýüz müňlerçe adamy aýak üstüne galdyryp bilýärler” diýip, Obama aýtdy.

Amerikan prezidenti Barak Obama sişenbe güni Waşingtonda öňünden planlaşdyrylmadyk metbugat ýygnagynda Müsürde takmynan üç hepdä çeken protestleriň dowamynda Birleşen Ştatlaryň bu ýurt bilen bagly eýelän pozisiýasyny-da gorady.

Regiondaky ýurtlar çaýkanýar

Tunisde bolan agdarylyşykdan soň başlanan Müsür rewolýusiýasy 30 ýyllap höküm süren awtoritar şahsyýet, Amerikanyň ýarany Hosni Mubaregiň häkimiýet başyndan gitmegine sebäp boldy.

Müsür rewolýusiýasy Bahreýnde we Ýemende demokratiýanyň tarapyny çalýan demonstrantlary ruhlandyrdy. Siriýa bilen Liwiýada hem herekete geçmek baradaky çagyryşlara sebäp boldy. Eýranyň oppozisiýasy hem ruhlandy.

Tutuş regiony gurşap alan hökümete garşy bu protestler arap dünýäsinde onlarça ýyl bäri halkyň bokurdagyna münüp, olary garyp galdyran hökümdarlaryň kollektiwleýin ret edilýängini görkezýär.

Gozgalaň Müsürde gitdigiçe möwjäp ýörkä, Ak Tam näme reaksiýa görkezjegini bilmän, ikirjiňlenip gezdi. Ol Mubarege halkyň talabyna boýun egip, häkimiýet başyndan çekilmegi barada güýçli basyş etmedi.

Tankytçylar Obamany protestçileri ýeterlik goldamanlykda aýypladylar. Müsür wakalary Waşingtonyň regionda durnuklylygy gorap, Birleşen Ştatlara regiona aýak basmaga mümkinçilik berýän diktator hökümdarlara gezek gelende alyp barýan hoşniýetli syýasatynyň gapma-garşylykly taraplaryny aýan etdi.

Emma indi bu syýasat üýtgejege mezeýär. “Biziň Müsürde geçen demonstrasiýalardan öň hem dosta, duşmana duýduranymyz şu: dünýä üýtgäp gelýär. Siziň, Ýakyn Gündogarda, köpräk mümkinçiliklere ymtylýan ýaş, işjeň nesliňiz bar. Siz bu ýurtlarda höküm sürýän bolsaňyz, bu özgerişlerden yza galmaly däl, aýlawdan çetde galmaly” däl diýip, Obama aýtdy.

Parahatçylykly jogap bermegi ündedi

Amerikan prezidenti häzir demokratik talaplar bilen ýüzbe-ýüz bolýan arap ýurtlaryna protestçilere parahatçylykly jogap bermegi ündedi. Eýranda oppozisiýa tarapyndan gurnalan demonstrasiýalara-da salgylanyp, ol şeýle diýdi: “Müsür baradaky hakykat Eýran barada hem hakykatdyr. Bu ýerde-de adamlar öz pikirlerini, ýagdaýdan närazydyklaryny aýdyp, hökümetden dogry jogap alyp bilmeli”.

Arap ýurtlarynyň arasynda häzir hökümete garşy gahar gysajynda buran Bahreýn. Bu ýerde patyşa Hamad bin Isa al-Halifa we onuň maşgala agzalary höküm sürýär. Duşenbe güni bir protestçiniň polisiýa güýçleri tarapyndan öldürilmegi sebäpli gahar-gazaba münen 10 müň töweregi adam paýtagt Manamada sişenbe güni ýöriş geçirdi. Olar Baş kanunyň üýtgedilmegini we demokratik reformalary talap edýärler.

Ýöne esasy talap – bu ýurt 1971-nji ýylda garaşsyz bolaly bäri höküm sürüp gelýän premýer-ministr Şeýh Halifa bin Salman al-Halifanyň wezipeden çekilmegi.

Ýemende hem protestler dowam edýär. Aýratyn-da Taiz şäherinde protestçiler: “Prezident Ali Abdullah Saleh häkimiýet başyndan gidýänça, biz-de gitmeris” diýip, köçelerde goş basyp ýatyrlar.

Obama ot-ýalnyň içine düşen bu hökümdara-da şuny ündedi: “Meniň pikirimçe, regiona durnuklylyk getirjek zat halkyň, ýönekeý ilatyň öz maşglasyny eklemäge, işli bolup, bilim almaga, güzeran ýagdaýyny gowulandyrmaga ýolunyň açyk bolmagy. Bu hökümetler halka gymyldamaga, mümkinçilige näçe ýol açsa, ýurt hem şonça durnukly bolar”.
XS
SM
MD
LG