Sepleriň elýeterliligi

Eýran häkimiýetleri oppozisiýa garşy miting gurnamakçy


Çarşenbe güni Tähranda oppozisionerler bilen häkimiýete tarapdarlaryň arasynda çaknyşyk boldy.

Duşenbe güni Tähranyň köçelerinde bolan bidüzgünçilikleriň gidişinde bir adamyň ölmeginde taraplar biri-birini aýyplaýarlar.

Öleniň demonstrasiýaçy ýa-da howpsuzlyk güýçleriniň işgäridigi häzirlikçe belli däl.

Çarşenbe güni Eýranyň baş prokurory Gulam Hüseýin Mohseni Ejeýi oppozision çykyşlary gurnaýjylary berk jezalandyrmaga söz berdi.

Çarşenbe güni Eýranyň parlamentiniň konserwatiw deputatlary oppozisiýa liderleri Mir Hossein Musawi bilen Mehdi Karrubini suda tabşyryp, jezalandyryp öldrmäge çagyryş etdiler.

Häkimiýetler anna güni oppozisiýanyň garşysyna “ýigrenç mitingini” gurnamakçy.
XS
SM
MD
LG