Sepleriň elýeterliligi

Ýemende hökümete garşy protestler dowam edýär


Anna güni onlarça müň ýemenliler paýtagt Sanada protest geçirdiler. Ýemende hökümete garşy protestler sekiz gün bäri dowam edýär.

Berilýän maglumata görä, ýurduň Aden şäherinde polisiýa işgärleri protestçileri dargatjak bolanda bir protestçi ölüpdir.

Ýemeniň Taiz şäherinde geçirilen protestlerde demonstratlaryň üstüne el granaty zyňyldy. Bu wakada bir adam ölüp, ýedi adam ýaralandy.

Protestçiler prezident Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG