Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran häkimiýetleri protestçilere päsgelçilik döretdi


Bazar güni Tähranda Eýranyň oppozisiýasynyň köpçülikleýin protest aksiýasyny geçirmegine howpsuzlyk güýçleriniň bölümleri päsgelçilik döretdi.

Eýranyň paýtagtynyň ençeme etrabynda bolan çaknyşyklar barasynda gapma-garşylykly maglumatlar gelip gowuşýar. Häkimiýetler umumy alnanda ýagdaýyň asuda bolup galýandygyny tassyklaýarlar.

Bazar güni polisiýa Eýranyň öňki prezidenti Aly Akbar Haşemi Rafsanjanynyň gyzy Faeze Haşemini az wagtlyk saklady.

Ýekşenbe güni Tähranyň merkezinde mobil telefon aragatnaşygynyň işlemändigini, Internetde kynçylyklaryň dörändigini Eýranyň ençeme köpçülikleýin habar serişdeleri habar berdi.

Oppozisiýanyň tarapdarlary öz hereketlerini sazlamak üçin Internetiň sosial setini ulanýarlar.
XS
SM
MD
LG