Sepleriň elýeterliligi

Gazak prezidentligine kandidatlary hödürlemek işi tamamlandy


Gazagystanda ýurduň prezidentligine kandidatlary hödürlemek işi bazar güni tamamlandy.

22 adam ýokary kürsi ugrundaky bäsdeşlige gatnaşmaga arza berdi, bäş adam döwlet dili boýunça synagdan geçip bilmedi.

Gazagystanda gazak dilini bilmek kandidatlyga registrasiýa üçin hökmanydyr.

Özüni özi teklip eden iki adam kadidaturasyny aýyrdy.

Häzirlikçe prezidentlige resmileşdirilen ýeke-täk kandidat Nursoltan Nazarbaýewdir.
Kandidatlary hasaba almak we resmileşdirmek 2-nji martda tamamlanar.

Gazagystanda möhletinden öň prezident saýlawlary 3-nji aprele bellendi.
XS
SM
MD
LG