Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kabarda-Balkariýadaky operasiýada üç söweşiji öldürildi


Kabarda-Balkariýanyň Elbrus etrabynda geçirilen ýörite operasiýanyň dowamynda üç söweşiji öldürilip, ýene biri gizlendi. Gözleg dowam edýär.

Terrorizme garşy milli komitetiň wekili söweşde bir praporşigiň ýaralanandygyny habar berdi.

Mundan öň respublikan güýç gurluşlaryndaky çeşmeler bäş söweşijiniň öldürilendigini, ýörite bölümiň dört harbysynyň ýaralanandygyny habar beripdi.
XS
SM
MD
LG