Sepleriň elýeterliligi

Günbatar Liwiýa gozgalaňyna kömek bermek üçin süýşýär


Premýer-ministr Deýwid Kameron duşenbe güni Britaniýa Liwiýanyň halkyny Kaddafiniň hökümetiniň harby hüjüminden goramak üçin Liwiýada uçmasyz zona düzgünini girizmek babatda ýaranlar bilen işleşer diýdi.

Awstraliýanyň daşary işler ministri Kewin Rad öz hökümetiniň BMG-den uçmasyz zona düzgünini tassyklamagy sorajagyny aýtdy.

Muňa garamazdan, NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen özüni derhal beýle çäräniň görülmegi baradaky gürrüňlerden çekeräk tutýar.

Şularalykda Pentagonyň sözçüsi polkownik Deýw Lapan žurnalistlere Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň deňiz hem howa güýçlerini Liwiýanyň töweregindäki pozisiýalara süýşürýändigini aýtdy.

Ol bu hereketiň amerikan prezidenti Barak Obama krizis mahalynda bir topar mümkinçilik berjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG