Sepleriň elýeterliligi

ÝB Gyrgyzystana maliýe kömegini bermäge taýýar


Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso ÝB-niň Gyrgyzystana býudjet goldawyny bermäge taýýardygyny aýtdy.

Borroso bu sözleri Brýusselde gyrgyz prezidenti Roza Otunbaýewa bilen çykyş eden metbugat ýygnagynda aýtdy.

Otunbaýewa öz ýurdunyň ÝB we NATO bilen gatnaşyklary barada maslahatlaşmak üçin Belgiýa iki günlük sapar edýär.

ÝB eýýäm Gyrgyzystana gumanitar kömek üçin 2010-2011-nji ýyllaryň hasabyna 118 million ýewro berjegini aýtdy.

Muňa garamazdan, ÝB-niň komissiýasy basym Bişkege goşmaça býudjet kömeginiň zerurlygyny kesgitlmek üçin Halkara Walýuta Fondy bilen bilelikde bir missiýa iberer.
XS
SM
MD
LG