Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda saýlaw kampaniýasy başlandy


Ses berişligiň ýene Nursoltan Nazarbaýewi häkimiýet başyna getirjekdigine hiç kim şübhe edenok.

Ses berişligiň ýene Nursoltan Nazarbaýewi häkimiýet başyna getirjekdigine hiç kim şübhe edenok.

Gazagystanda 3-nji aprelde möhletinden öň geçmeli prezidentlik saýlawy boýunça saýlaw kampaniýasy başlandy. Ýöne bu ses berişligiň ýene Nursoltan Nazarbaýewi häkimiýet başyna getirjekdigine hiç kim şübhe edenok.

Geçen aý häzirki prezidentlik möhletini referendum arkaly 2020-nji ýyla çenli uzaltmak baradaky teklibi ret edip, Nazarbaýewiň özi halky duýdansyz ýagdaýda șu saýlawy geçirmäge çagyrdy.

Nazarbaýew üç kandidat bilen dalaş etmeli. Bularyň üçüsi-de halkyň arasynda çynlakaý goldawdan peýdalanýan adamlar däl.

Aslynda kandidatlyga meýil bildirýänleriň sany 22-di. Ýöne 2-nji martda Merkezi saýlaw komissiýasynyň agzasy Lazzat Süleýman ýurduň liderligi ugrunda dalaş etmek uçin zerur talaplary ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelenleriň diňe dört adamdygyny bildirdi.

“Şu wagt ört kandidat hasaba alyndy. Olar häzirki prezident Nursoltan Abişuly Nazarbaýew, Mels Eleusizow, Gani Kasymow we Žambyl Ahmetbekow. Bulara beýanat bermek, saýlaw kampaniýalaryny geçirmek we saýlawçylar bilen duşuşmak üçin deň hukuklar we mümkinçilik berildi” diýip, Abişuly aýtdy.

70 ýaşly Nazarbaýew Gazagystan garaşsyzlygyny almazdan hem öň sowet döwründen başlap, 20 ýyla golaý wagt bäri häkimiýet başynda otyr.

Kandidatlaryň biri Gani Kasymow täsin hereketleri we gylyklary sebäpli “Gazagystanyň Wladimir Žirinowskisi” diýen ady alan adam. Ol 1999-njy ýylda prezidentlige dalaş edip, sesleriň 4,7 prosentini alypdy.

Kandidatlardan ýene biri Gazagystanyň Kommunistik Halk partiýasynyň sekretary Žambyl Ahmetbekow. Ol bolsa öz partiýasynyň maliýe ýagdaýynyň talaba laýyk saýlaw kampaniýasyny geçirerden çäklidigini öňünden duýdurdy.

Beýleki kandidat Mels Eleusizow Gazagystanyň görnükli ekology. Saýlawda ýeňiş gazanma şansynyň ýokdugyny boýun alýan Eleusizow 2005-nji ýylda-da saýlawlara gatnașyp, sesleriň bir prosentini-de alyp bilmändi.

Nädip 18 adamdan 4 bäsdeș galdy?

Kandidaturasy ret edilen 18 adamdan käbiri muňa kaýyl bolsa-da, käbirleri özleriniň kandidatlykdan yza çekilmäge mejbur edilendigini aýdyp, muňa öz nägileliklerini hem-de gaharlaryny bildirýärler. Șolardan birem ekolog Musagali Duambekow.

Duambekow 2-nji martda käbir ýerlerde “adamlaryň” öýme-öý aýlanyp, öz tarapdarlarynyň gollaryny barlandygyny aýdyp, bäsleșikden çykýandygyny bildirdi. Ol öz tarapdarlarynyň özüni goldandyklary üçin kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan gorkýandyklaryny aýtdy.

Serik Sapargali hem kandidat hökmünde ret edildi. Ol penşenbe güni Nursoltan Nazarbaýewyň iş başyndan çekilmegini talap etmek maksady bilen metbugat ýygnagyny geçirmäge synanyşdy. Ýöne häkimiýetler onuň bu synanyşygyny başa bardyrmadylar. Netijede Serik Sapargali daşarda az sanly žurnalistleriň öňünde Nazarbaýewi prezidentlige dalaşgärlikden çekilmäge çagyrdy.

Sapargali bu mesele bilen baglanyșykly șeýle diýdi: “Men 70 ýaşyna çenli ýurdy talaba laýyk dolandyrmagy başarmadyk adam 70 ýaşdan soň ýurdy dolandyryp biler öýdemok. Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew iş başyndan çekilmeli. Ol özüniň, maşgala agzalarynyň, ýakyn ýaranlarynyň bikanun edinen baýlyklaryny döwlet hazynasyna gaýdyp beren halatynda, onuň şahsy howpsuzlygy kepillendirilip bilner”.

Prezidentlige dalaș etjek dört kandidata saýlaw kampaniýasyny geçirmek üçin 1-nji aprele çenli möhlet berilýär.
XS
SM
MD
LG